ÝURT ABADAN — IL ABAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçiliklerden ugur alyp, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda çagalaryň döredijilik ukybyny has-da artdyrmak maksady bilen orta mekdeplerde okaýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda muzeýde «Ýurt abadan — il abat» atly surat sergisi geçirildi.

Sergide Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny wasp edýän ajaýyp suratlary sergilenildi.

Çärede suratkeşlik hem-de ýaş suratkeşleriň döredijilik ukyby barada okuwçylara gyzykly gürrüňlere giň orun berildi. Geçirilen sergi ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Wepa  ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz  welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2025 | 21 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!

14 Noýabr 2025 | 26 okalan

ÝURT ABADAN — IL ABAT

14 Noýabr 2025 | 30 okalan

WATANYŇ BUÝSANJY BAGTYÝAR ÝAŞLAR