Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Daşoguz şäher medeniýet Merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Ýaşlar» merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «Ýaşlar öňe barýar batly gadamlar bilen!» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde geçirilen bu baýramçylyk çäresinde Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň çykyşlary özüniň ýatda galyjylygy bilen has-da täsirli boldy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar, ýurdumyzyň şuglaly geljegini bagtyýar ýaş nesillerde görýän Gahryman Arkadagymyza hem-de her bir işde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çynar MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












