Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de 2-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde gurnamagynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynda «Tebigat we biz» ady bilen çäre geçirildi.
Oňa çagalaryň ene-atalary hem işjeň gatnaşdylar. Çykyşlarda tebigatymyzy gözüň göreji deýin goramagyň, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmegiň, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga goşant goşmagyň zerurlykdygy nygtaldy. Bagtyýar zamanamyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Hususan-da, çagalaryň ýerine ýetiren «Biz bag ekýäris» atly oýny çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda giň möçberli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülşat TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












