PARAHATÇYLYK – AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz bilen birlikde şekillendiriş sungatymyzyň ussatlary hem aýratyn hormat bilen sarpalanýar. Türkmenistan diýarymyzyň şekillendiriş sungaty görnükli ussat halypa suratkeşleriň döredijiligi bilen özgerýär. Öz döredijiligi bilen dünýä tanalýan ussat halypa suratkeşleriň biri hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Şyhdurdy Oradowdyr. Ol Gazagystan Respublikasynyň hem tanymal nakgaşçysydyr. Şyhdurdy Oradow 1941-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. Ejesi Abadan Oradowanyň ezber halyçy bolmagy suratkeşiň sungat älemine täsirini ýetirýär. Çagalykdan sungata we döredijilige höwesli bolan Şyhdurdy Oradow 1957 – 1962-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugry boýunça bilim alýar. Ol halypa mugallymy Aman Kuliýewiň ýolbaşçylygynda “nakgaş suratkeş” hünärini ele alýar.

1963 – 1970-nji ýyllarda W.I.Muhinow (öňki Baron Stieglitz) adyndaky Leningrad ýokary çeperçilik sungat we senagat orta mekdebinde mugallymlar G.Şewçenkonyň we W.Proşkiniň elinde bilim alýar. 1976-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. 1987-nji ýyldan 1992-nji ýyllar aralygynda ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Geňeşiniň başlygy wezipesine bellenilýär. 1989-njy ýylda Aşgabatda ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň amaly sungatlary boýunça uly sebit forumyna gatnaşýar. Suratkeş 1995-nji ýylda maşgalasy bilen Gazagystan döwletiniň Almata şäherine göçüp gidýär we şol ýerde zähmet ýoluny dowam etdirýär.

Şyhdurdy Oradow Almata şäherinde Abaýyň adyny göterýän goşmaça ýokary bilim berýän uniwersitetiň kafedrasynyň mugallymy, Gazagystan döwletiniň çeperçilik akademiýasynyň akademigi, hem-de binagärlik we gurluşyk uniwersitetiniň dosenti we professory bolup birnäçe abraýly wezipelerde zähmet çekýär. Suratkeş öz eserleri bilen diňe biziň ýurdumyzda geçirilýän sergilere gatnaşman, eýsem daşary ýurtlarda geçirilýän çeperçilik sergilerine hem öz dünýäsine mahsus täsin eserleri bilen gatnaşýar. 1978-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky sergiler zalynda 25 döwletiň gatnaşmagynda guralan sergide onuň eserleri uly baha eýe bolýar. Onuň 1984-nji ýylda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde täsin sergisi guralýar. 2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde onuň 105 sany döredijilik işi sergilenip, Şyhdurdy Oradowyň 80 ýyllyk ýubileý toýy bellenildi.

Suratkeş öz eserlerinde halkynyň zähmeti bilen özgerdilen we kämilleşdirilen gadymy türkmen topragyny wasp edýär. Senagat peýzažyna ýüzlenip, suratkeş diňe bir hadysanyň hakykatyny beýan etmek bilen çäklenmän, özgerdilen tebigatda döredijiligiň romantiki aýratynlyklaryny görmäge synanyşýar. Ene topragyň köptaraply görnüşi üýtgeşik pasyllarda, günüň dürli wagtlarynda tomaşaçylara giňden açylyp görkezilýär. Suratkeşiň diňe nakgaş işleri ünsüňi çekmän, eýsem grafika döredijilik işleri hem adamlarda öz täsirini galdyrýar. Onuň döredijilik işlerinde portret, durmuş, sport, peýzaž, natýurmort we animalistik žanrlaryny görmek bolýar. Onuň nakgaş we grafika döredijilik işlerini Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde, Gazagystanyň “Bonart” sergi galereýasynda, Moskwanyň Tretýakow galereýasynda, Gündogar muzeýinde, şeýle-de Özbegistanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň ýygyndylarynda synlamak bolýar. Şyhdurdy Oradowyň döredijiliginde “Goňşokara” atly eseri türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň biri bolan goňşokara däbini açyp görkezýär. Türkmen gara öýüniň içinde türkmen maşgalasynyň naz-nygmatly goňşokara taýynlyk görüp, myhman garşy alyp duran pursadyny suratlandyrýar. Goňşokara türkmen halkynda agzybirligiň nyşany hökmünde bellenilýän baýramçylykdyr. Goňşokara baýramynyň esasynda gadymdan gelýän türkmen däbi bolan “Goňşokara” dessury bar. Bu dessura görä, her bir adam gündelik durmuşynda duz-çöregini öz ýakyn goňşulary bilen paýlaşypdyr. Bu dessur bir-birege hormat goýmak, dostluk, güler ýüzlülik, ruhy we maddy goldaw bermek ýaly ynsan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini özünde jemleýär. “Goňşokara” gadymy türkmen dessury häzirki zaman türkmen jemgyýetinde mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin türkmenler nähili tagam taýýarlasalarda öz bereketli öýlerine myhmanlaryň hem goňşularyň gelmeklerini göz öňünde tutup, olara “myhman we goňşy paý” goýýarlar. Türkmen durmuşynyň kadasyna öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk, diňe bir goňşy arada kömek we goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem ata-babalarymyzyň goňşy döwletler we beýleki milletleriň wekilleri bilen ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagyny hem alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan, il abadançylygyny, ýurt agzybirligini baş gymmatlyk hasaplaýan, medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlaryny sarpalamakda, olaryň döreden ajaýyp sungat eserlerini gorap saklamakda, olary halk köpçüligine hem-de ýaş nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Jeren PALLYKOWA,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy usulçysy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 27 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 122 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 21 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR