ILE DÖWLET GELER BOLSA, BAGŞY BILEN OZAN GELER

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň umumbilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigi geçirildi.

Onuň dowamynda zehinli ýaşlarymyz türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, bagtyýar zamanamyzda gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etmekde, ýekelikde şorta söz aýdyşmakda, Hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Sapar Töräýew I orna, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Rahman  Meýmankulyýew II orna, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Seýran Raşidow we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 33-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Daýanç Şaýmerdanow III orunlara mynasyp boldular.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 24 okalan

TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

21 Noýabr 2025 | 26 okalan

BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ HÖWESJEŇ ÝAŞLARY