Ýakynda, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylda Azerbeýjan Respublikasynda «Tebigat biziň baýlygymyzdyr» atly VII halkara surat bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Onuň dowamynda zehinli ýaşlarymyzyň dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp, özleriniň üstünlikleri bilen döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle hem ýeňiji bolan ýaşlara döredijilik dünýäsinde mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetmek, öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürip, täze üstünliklere tarap ynamly gadam basmaklary arzuw edildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we ýaşlary Watanyň daýanjy hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












