ÝAŞLARYŇ BUÝSANJY SENA BOLUP ÝAŇLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň işjeň ýaşlarynyň 141-ne Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Ýaşlar baýragynyň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, tegelek stoluň başyndaky gepleşikleri we söhbetdeşlikler, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşigi ýazgy edildi we ýaýlyma goýberildi.

Gepleşige Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri, ýagny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy Laçyn Mätnepesowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mähri Nurýagdyýewa, Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýgül Begenjowa gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň gazanýan her bir üstünliginiň döwletimiz tarapyndan yzygiderli höweslendirilýändigi, munuň özi bolsa zähmetkeş ýaşlary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar diýip çykyş edenler belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny okap, öwrenip, döredip, halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşup ödejekdikleri barada buýsançly ynandyrdylar.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, hünär öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar