«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ BÜZMEÝIN ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyry geçirildi.

Eminler toparynyň adalatly bahalary netijesinde I orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid Bin Sultan Al Nahhaýan adyndaky Döwletliler köşginiň 4-nji synp okuwçysy Meretdurdyýew Babajan, II orna Aşgabat şäheriniň 106-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Gurbanow Muhammetaly, III orna bolsa Aşgabat şäheriniň 98-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Babaýew Ybraýym hem-de Aşgabat şäheriniň 58-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Nurýagdyýew Dawut mynasyp bolup, olar Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şadyýan bäsleşige gatnaşan oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Mährijemal ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.