Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okap bilim alýan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän döwründe sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen meýilnamalaýyn wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär.
Şeýle maksatly çäreleriň biri-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirildi. Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine akademiýanyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Onda täsirli çykyşlar beýan edilip, olarda ýurdumyzyň hoşniýetli Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, milli ahlak ýörelgeleri, sagdyn durmuş kadalary, ýol hereketiniň düzgünleri dogrusynda gürrüňler edildi.
Şeýle hem Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygyna, döwlet berkararlygyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasaty üçin alkyş sözleri aýdyldy hem-de ýaşlaryň hemişelik Bitaraplyk toýumyzyň 30 ýyllygyny, Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlikde toýlamakda işjeň gatnaşmaklary arzuw edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.












