Türkmen halkymyzyň her bir saba-säherinde dogýan gününde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de durmuşa ornaşdyrýan asylly işleri biziň durmuşymyzda bütin aýdyňlygy bilen görünýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudagynda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem belent sepgitlere, uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen baş wezipeleriň biri-de, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly bolup durýar. Hut şonuň üçinem, bagtyýarlyk döwrüne türkmen jemgyýetiniň sagdynlyk döwri hökmünde baha berilýär.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işler biziň bagtly durmuşymyzyň kepilidir. Bu gün Türkmenistan sagdyn ýaşaýşyň, sagdyn ösüşiň Watany hökmünde tanalýar. Çünki hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sport bilen içgin gyzyklanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin giň şertler döredýär.
Häzirki döwürde sportuň ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosport dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe bolýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda sportuň bu görnüşi boýunça giň möçberli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda welosport görnüşini ösdürmek bilen bir hatarda Diýarymyzyň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli welosipedli ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleriň berkidilmeginde halk köpçüliginiň, esasanam, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmeginde aýratyn möhüm ähmiýetli bolup durýar. Çünki welosiped sporty we sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkitmek we ynsan synalarynyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek babatda has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz uly buýsanç bilen belläp geçýär. Şeýle sargytlary we paýhasly nesihatlary kalbynda göterýän ýaşlarymyz, sporty özleriniň durmuş ýörelgesine öwürýärler.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportunyň ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýaşlary welosiped sportuny uly höwes bilen özleşdirýärler. Sport bilen meşgullanmak hem-de welosipedli ýörişleri guramak üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur şertler döredildi. Şunlukda ekologiýa taýdan amatly hasaplanýan ulag serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleriň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berilýär.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasaty anyk netijeleri berýär. Soňky ýyllarda türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Ata Watanymyz iri halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ülkesine öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda ýurdumyzda welosiped sportunyň meşhurlygy artyp başlady. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly welosipedde gezelenç etmek adamyň saglygyna hem-de onuň özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan asylly işlere hususan-da sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine we Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralýan ylgaw hem-de welosiped ýaryşlaryna badalga berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşjak türkmen milli toparlaryny seçip almak boýunça guralan saýlama tapgyrlara ak pata berdi hem-de munuň ilkinji tapgyryna özi gatnaşyp, bu geçirilen çäräniň ähmiýetini we depginini has-da artdyrdy.
Halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalarynda döwrebap welotrekleriň gurulmagy, has dogrusy, türkmen sportunyň taryhynda altyn harplar bilen ýazylan «Aşgabat 2017-niň» sport görnüşleriniň maksatnamasyna welosport görnüşiniň girizilmegi, Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň artmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde häzirki wagtda welosport bilen meşgullanýan ýaşlar döwrebap sport toplumlarynda yzygiderli türgenleşikleri amala aşyrýarlar hem-de halkara ýaryşlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.
Watanymyzyň röwşen ertiriniň eýeleri bolan ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda guralýan welosipedli ýörişlere işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda welosiped sporty ýaşlaryň hem-de uly ýaşlylaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.
Ýeri gelende aýtsak bu gyzyklanmalar diňe Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem dünýä giňişliginde hem uly gyzyklanma eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etmek hakyndaky çözgüdi kabul edildi. Bu bolsa milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwänamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportunyň abraýyny dünýä derejesinde belende galdyrmak, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek ugrunda jemgyýetimiziň öňünde goýan taryhy ähmiýetli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak her bir ýaş raýat üçin uly dereje we hormatdyr.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
22.05.2018ý.












