Halkymyzyň bagtyýar, abadan, sagdyn durmuşda ýaşamaklary ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň ählisiniň esasyny, raýatlarymyzyň mynasyp durmuşyny we netijeli zähmet çekmegini üpjün etmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek wezipeleri düzýär. Bu ulgamyň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri saglygy goraýyş ulgamynda edilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä ýetirmek bilen häzirki wagtda ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlary pudak ylmynyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap saglyk öýlerinde doly ýola goýuldy. Häzirki wagtda saglyk öýleri toplumlaýyn öňüni alyş işine, ilata lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün edýärler. Raýatlarymyza ýaşaýan ýeri boýunça ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almaga mümkinçilik döredilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen döwründe Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň 9-sy hereket eden bolsa, şu günde ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen saglyk öýleriniň sany 16-a ýetdi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda şeýle edaralaryň üçüsi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumyndaky 14-nji, Ankara köçesiniň ugrundaky 15-nji, Gurtly ýaşaýyş toplumyndaky 16-njy saglyk öýleri bar. Täze zaman ýaşaýyş toplumynda Aşgabat şäher 13-nji saglyk öýüniň 2 täze şahamçasy açyldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda täze saglyk öýleriniň ýene-de 5-siniň gurulmagy meýilleşdirilýär.
2013-nji ýylyň dekabr aýynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) gatnaşmagynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek maksady bilen, «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen Ýewropa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň maslahatynda Aşgabat jarnamasy kabul edilip, temmäkä garşy göreş, artykmaç agramlylyga garşy öňüni alyş çäreleri geçirmek bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň zerur ugurlary işlenip düzüldi. Aşgabatda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn döredijilikli syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Sagdynlyga, bagtyýarlyga beslenýän ýurdumyzda her bir raýat üçin ýokary hilli we netijeli umumy ugurly hem-de ýöriteleşdirilen bejeriş kömeginiň elýeterli bolmagyny gazanmak üçin uly tagalla edilýär. Ilatymyza ýürek-damar, onkologiýa, endokrinologiýa, pulmonologiýa we beýleki aýry-aýry ugurlarda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermegiň maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere baha bermek üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, ilatyň arasynda «STEPS» barlagy geçirildi. Bu barlagda ilatyň arterial gan basyşyny, boýuny, agramyny ölçemek, fiziki işjeňligine we miweleriň, gök önümleriň gündelik iýilýän möçberine baha bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär.
2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan şu güne çenli ýurdumyzyň işleýän raýatlary köpçülikleýin saglygy goraýyş barlaglaryndan geçirildi. Bu bolsa ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda we olary wagtynda ýüze çykarmakda, ilatymyzy ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde, olaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly ylmy çeşmä, ygtybarly gollanma öwrüldi.
Gökderedäki hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň 14-si her tapgyrda 7 müňden gowrak çagany kabul edýär. Merkezleriň ählisinde zerur derman serişdeleri bilen doly üpjün edilen saglyk otaglary döredildi. Olarda ýörite taýýarlanan kärine kämil lukmanlar we şepagat uýalary hem-de «Tiz kömek» ulaglary gije-gündiziň dowamynda nobatçylyk edip, çagalaryň saglygynyň sakasynda durýarlar. Şeýle-de çagalara lukmanlar tarapyndan öňüni alyş barlaglary geçirilýär we näsag çagalara degişli maslahatlar, gerek bolan ýagdaýynda bejergiler berlip, gözegçilikde saklanylýar.
“Nesil” gazeti,
19.07.2019ý.












