Abadan durmuşyň kepili

23-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz tomsuň yssy howasynyň dowam etmegi bilen baglylykda, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Hususan-da, gyş möwsümine irgözinden taýýarlyk görmek, şol sanda mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamaklygy tabşyrdy. Ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň hormatyna geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeler berdi.

Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösdürilýän ýurdumyzda Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen we owgan gatnaşyklary barada aýdyp, ýurtlarymyzyň arasynda söwda we ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym, ynsanperwer ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýär. Goşmaça elektrik beketleriniň we desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi has-da artdyrylar. Hususan-da, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky elektrik energetikasy boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem möhüm orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine ünsi çekip, bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, şeýle hem pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze gurulýan desgalarynda, hususan-da, Kaka we Babadaýhan etraplarynda bina edilýän dokma toplumlarynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, ähli gurulýan desgalarda işleriň hiline hem-de olaryň bellenilen möhletde ulanmaga berilmegine berk gözegçilik etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Geçen hepdäniň ahyrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp täze desgalar, ýagny innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, saglygy dikeltmek we berkitmek boýunça döwrebap hyzmatlary hödürleýän ajaýyp şypahananyň, dynç alyş merkezli akwaparkyň açylmagy milli Liderimiziň ähli türkmenistanlylara, ozaly bilen çagalara ajaýyp sowgady boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän täze kärhananyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenabatda gurlup ulanmaga berlen köpugurly lukmançylyk merkezi barada aýdylanda, onuň mümkinçilikleri bu ýerde diňe öz ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary ýurtlardan, şol sanda Türkmenistanyň yzygiderli doganlyk kömegini berýän goňşy Owganystandan adamlary kabul etmäge-de ýardam eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyzda döwlet edaralarynyň dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmek, olaryň işindäki bir-birini gaýtalaýan düzümleri aýyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen Döwlet we hukuk institutyny goşup, bir instituty, ýagny Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek barada karar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jogapkärli oba hojalyk möwsümlerini ýokary hilli geçirmek, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de maslahata gatnaşyjylara ata Watanymyzy ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.07.2018ý.

Meňzeş habarlar