Ynsanperwerligiň we ösüşiň rowaç ülkesi

Bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly ykdysady we giň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek milli Liderimiziň daşary syýasatynda öňe sürýän esasy ugurlarynyň biridir. Işjeň gatnaşyklaryň netijeli guraly arkaly berkidilen daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçen hepdede bolup geçen möhüm wakalar munuň hut şeýledigini äşgär edýär.

Geçen hepdäniň dowamynda, ýagny 23-nji iýulda döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, onda oba hojalyk möwsüminiň barşy, pagta ýygymyna taýýarlyk, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlary, saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygy, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahanany gurmak hormatly Prezidentimiziň il-halk barada edýän beýik aladalarynyň aýdyň miwesidir. Raýatlaryň jan saglygy, şeýle hem dokma senagatynyň has kämil derejelere çykmagyna itergi berjek täze toplumlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň uludygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Täze edaranyň köptaraply işi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamaklyga gönükdiriler.

Wideoşekilli işmaslahatynyň dowamynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygyna aýratyn ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmen-owgan gatnaşyklary ýokary derejä eýedir. Milli Liderimiz iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ulag, ylym, ynsanperwer ulgamlarda, aýratyn-da, elektroenergetika pudagynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Goşmaça elektrik beketleriniň we düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy döwlete ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberi has-da artar. Geçen hepdäniň dowamynda, ýagny 26-njy iýulda Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi netijeli gatnaşyklaryň ýene bir miwesidir.

Hormatly Prezidentimiz 25-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we birnäçe harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Içeri we daşary syýasatyň wajyp wezipeleri, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda önümçilik gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini, suwaryşmeýdanlarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly usullary işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi. Söwda-ykdysady we senagat toplumynyň işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň ösüşinde ýokary depginleri saklamak, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýerli önümçiligiň eksport möçberini ýokarlandyrmak, täze işorunlaryny döretmek ýaly wezipeler görkezildi.

Aragatnaşyk ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri işjeň peýdalanmak, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň giň möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belläp, milli Liderimiz pudagyň işiniň kämilleşdirilmeginiň milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmäge, täze, ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary durmuşa geçirmäge şert döretjekdigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümlerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji we tutuşlygyna goranyşhäsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda, döwletimiziň howpsuzlygynyň, türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan milli goşunyň ýokary goranyşukybynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Geçen hepdede ýurdumyz ynsanperwer we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýermek bilen, ilkinjileriň hatarynda Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitreme zerarly ejir çeken adamlara ynsanperwer kömegini ugradandygyny hem bellemelidiris.

Geçen hepdäniň möhüm wakalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ählumumy parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Bu netijeler Türkmenistan döwletimizde halkara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

“Nesil” gazeti,

31.07.2018ý.

Meňzeş habarlar