Agrosenagat önümçiligi artdyrylýar

 Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.

Agrosenagat önümçiliginiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetişdirýän gallasy bilen özüni doly üpjün edýändigi bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk ýerleriniň meliorasiýa we suw üpjünçiligi meselelerini çözmek ýurdumyzda gallaçylygy üstünlikli ösdürmegiň özenidir. Döwlet Baştutanymyz agrosenagat toplumynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin döwrebap traktorlary, kombaýnlary, ekijileri, iş häsiýetleri gowulandyrylan iň täze kysymly beýleki tehnikalary we enjamlary satyn almak bilen bagly maliýe serişdelerini bölüp berýär.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, kepillendirilen bahalar, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatyň, tohumyň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramak serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi ýaly oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleriniň hemmesi oňat miwesini berýär, gallaçylaryň zähmetiň ahyrky netijesine höweslenmegine ýardam edýär.

Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl onuň bolelin ýaşamagynyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Obada öz işini ezber ele alan, toprakdan bol hasyl almagy başarýan ussat daýhanlaryň sany barha artýar.

Bu ulgamda gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi. Ýurdumyz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri önümçilik, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar. Şolarda ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmekden, ýaş mallary iýmlemekden başlap, et we süýt önümleri — peýnir, şöhlat, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge we beýleki önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilýän pomidor, hyýar, burç, badamjan, kömelek we beýleki gök önümler bilen şäherleriň we obalaryň ilaty ýylyň dowamynda üpjün edilýär. Gaplanan miwe we gök önümlerini, tebigy şireleri, içgileri, dürli görnüşli unaş, çörek we süýji önümlerini öndürmek ýola goýuldy.

Döwlet tarapyndan maksatlaýyn goldanylmagy netijesinde, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri hem oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk önümlerini taýýarlamak, saklamak, ugratmak we lomaý ýerlemek üçin degişli düzümler döredilýär, bagçylyk, üzümdarçylyk, bakjaçylyk, balçylyk hem-de oba hojalyk işewürliginiň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär. Daýhanlaryň şahsy hojalyklarynda öndürilýän azyk önümleriniň möçberiniň hem yzygiderli artdyrylýandygyny bellemelidiris.

Mahlasy, oba ýaşaýjylarynyň öz zerurlyklary hem-de bazarlarda ýerlemek üçin gök we miwe önümlerini ýetişdirmäge, et hem-de süýt önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

04.08.2018ý.

Meňzeş habarlar