ULY ÝARYŞYŇ BOSAGASYNDA

Hormatly Prezidentimiz 10-njy oktýabrda Olimpiýa şäherçesine baryp, bu ýerde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ýurt Baştutanymyzy Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň sport, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri we beýlekiler garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bu iri ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyny türgenler üçin naharhana baryp görmekden başlady.

Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimize dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenleriň, tälimçileriň we beýleki myhmanlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. Iýmitleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerden düzülmegi möhümdir, olar dürli gök önümlerden, miwelerden hem-de ýokary ýokumlylyk häsiýetlerine we beden üçin peýdaly köp sanly düzümlere eýe bolan türkmen topragynda ýetişýän beýleki nygmatlardan ybarat bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi, tälimçileriň özara pikir alyşmagy, eminler toparlarynyň bäsleşikleriň käbir pursatlaryny anyklamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaryşlaryň belli bir pursatlaryna gaýtadan seretmek üçin monitorlar gurnalypdyr. Döwlet Baştutanymyz bu zalyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, onuň işini guramak boýunça birnäçe maslahatlary berdi, wideo serişdeler arkaly maglumatlary anyklamak üçin monitoryň iş mümkinçiliklerini hut özi barlap gördi.

Milli Liderimiz Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň guraljak, 15 müň tomaşaça niýetlenen Sportuň oýun görnüşleri toplumyna, soňra bolsa Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz toplumy bezemegiň taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, bezeg boýunça birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz agyr atletikaçynyň keşbindäki Wepalynyň heýkeljiginiň hakykata has ýakyn bolmalydygyny, sportuň bu görnüşiniň aýratynlygyny aýdyň äşgär etmelidigini belledi we türkmen türgenleriniň türgenleşik geçmegi üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, AFK — 2018 kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalyna çykan «Altyn asyr» futbol toparynyň abraýly baýrak ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga nähili taýýarlyk görýändigi bilen hem gyzyklandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň baýdagyny belende göterip, agyr atletika boýunça dünýä birinjiliginde we AFK-nyň final ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, uly sarpa mynasyp bolarlar. Hormatly Prezidentimiz dünýä çempionatyny mynasyp derejede geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy hem-de çempionatyň guramaçylaryna üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

13.10.2018ý.