Dostlukly gatnaşyklar

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň abraýly sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Termez şäherinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň dabaraly garşylanandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özbek oba hojalyk tehnikalarynyň özüni gowy tarapdan görkezendigini belläp, Türkmenistanyň olary geljekde hem satyn almakçydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine goňşy döwletleriň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

18.10.2018ý.