17-nji oktýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesinde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz täze desganyň baş girelgesiniň öňünde bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen polimer zawodynyň açylýandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesdi. Milli Liderimiz daşary ýurtly işewürler bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda täze möhüm ädimdir.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hemmeleri «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän 2018 - nji ýylyň şanly wakasy — Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyz uglewodorod serişdelerine örän baý döwlet. Onuň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Soňky döwürde bu gymmatly serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere durnukly hem-de ygtybarly ibermek boýunça köp işler amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu ugurda diňe ýaňy-ýakynda ulanmaga berlen iri kärhanalaryň biri bolan«Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar. Gyýanly şäherçesinde gurlup, ulanmaga berilýän polietilen we polipropilen öndürýän şu gazhimiýa toplumy hem bu aýdylanlara ýene-de bir aýdyň mysaldyr, onuň düýbi 2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde tutuldy. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Soňra daşary ýurtly myhmanlar Ýulius Kun adyndaky institutyň (Germaniýa) wekili, agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory hanym Margit Olle, Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň («Environmental health trust» (ABŞ) uly geňeşçisi jenap Robert Dýubua Morris, Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doctor jenap Urs Weýdmann çykyş edip, ýokary tehnologiýaly bu kärhananyň ykrarnamasy hökmünde degişli güwänamalary we nyşanlary gowşurdylar. Şol güwänamalaryň we nyşanlaryň esasynda Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edildi. Polimer zawodynyň ýolbaşçysyna desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan hem-de «Durnuklylyk we netijelilik» diýen güwänama we degişli nyşan gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýokary hilli önümçiligi üpjün etmekde üstünlik gazanmagy, innowasion tehnologiýalary ulanmagy mynasybetli güwänamalaryň we sylaglaryň gowşurylmagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Monitorlarda täze kärhana we polietilen hem-de polipropilen önümçiligi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Bu film hem ýörite wideotehnikalar arkaly surata düşürildi. Şeýle hem gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda geljekki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Soňra milli Liderimiz bag ekmek boýunça ýowaryň geçirilýän ýerine baryp, asylly däbe görä, ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen güýzki bag ekmek möwsümini açýar. Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, paýtagtymyza ugrady.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
20.10.2018ý.