MERMERDEN BINADYR DURKUŇ, AŞGABAT!

24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize aýdyň görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz öz endiklerine eýerip, ir bilen beden maşklaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullandy, soňra Köpetdagyň etegi boýunça welosipedli ýöriş etdi.

Milli Liderimiz welosipedde paýtagtymyzyň günorta tarapyna, Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň häkimi garşylady.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerleriň tebigy aýratynlyklaryna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň häkimine Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň bu ýerde oturdylan ýadygärligine gaýtadan seretmegi we esasy döwlet nyşanynyň — Tugranyň goýuljak täze ýerini saýlap almak boýunça teklipleri taýýarlamagy, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligi gurmak işleriniň wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

Işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga wagt tapýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz işjeňligi netijesinde, soňky wagtlarda ýurdumyzda welosipedli ýöriş okgunly ösüşe eýe boldy. Welosiped sürüjileriň sany ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, uly nesliň wekilleriniň arasynda hem barha artýar.

Sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanda öňden gelýän taryhy bardyr. Welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda hem türkmenistanlylar amatly we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hökmünde welosipedli ýörişlere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýyl «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen okuw türgenleşiginde «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» hökmünde täze dünýä rekordy goýlup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Degişli güwänama bilen tassyklanan bu rekord Watanymyzyň ýene bir haýran galdyryjy üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň guruljak meýdançasynda aýlawly çatrygyň golaýynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem «Buig Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow garşyladylar.

Şäher häkimi milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günorta bölegini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz olar bilen tanşyp, anyk maslahatlary berdi hem-de degişli düzedişleri girizip, şunda gadymy milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň esasy şertidigini belledi.

Taslama laýyklykda, ýadygärligiň günorta tarapynda Türkmenistanyň häzirki wagtda gazananlary, demirgazyk tarapynda bolsa ýurdumyzyň kartasy şekillendirilýär. Ýokardan seredilende ýadygärligiň görnüşi halkara geçelgeleriň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň häzirki zaman taryhyny çeperçilik taýdan şekillendirilişi görünýär. Aýlawly ýoluň ugrunda welosipedçileriň heýkelleri şekillendirilendir.

Ýadygärligiň bezeginde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri ýerleşdirilýär. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili ýerleşdirilipdir. Umuman, bu ýadygärlik sagdynlygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini beýan etmelidir diýip milli Liderimiz belledi.

Tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe adamyň gatnaşmagynda yzygiderli sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Nesip bolsa, tiz wagtdan türkmen paýtagtynda ýene bir iri möçberli ýaryşlar — Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil şaýoly boýunça welosipedli ýörişini dowam edip, Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy — «Buig» fransuz kompaniýasyna ynanylan täze binalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

«Buig Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory Türkmenistanyň Prezidentine desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň, hususan-da, aýnanyň ulanylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň häzirki zaman dolandyryş-işewürlik merkezinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de hemmelere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

27.10.2018ý.