Bu täsin we päk dünýäni ýaşyňa, işiňe, wezipäňe seretmezden käteler şeýle bir küýseýäň welin, şol demde ähli durmuş aladalary, saglygyň bilen baglanyşykly ownujak ünjüler guş sürüsi ýaly güsürdeşip, kalbyňdan göterilip gidiberýärler. Kelläň durlanyp, kalbyň rahatlygyň aramgähine seýle çykýar. Şol pursat ömrüň altyn döwri bolan çagalygyňdaky mähremlik daşyňy gurşap alýar. Çagalygyňda ilkinji gezek ak mekdebiň gapysyndan ätlän günüň, baş harpy öwreden mugallymyň, saňa ýakyn duran dost-ýarlaryň hiç mahal ýadyňdan çykmaýar. Aradan ençeme ýyllar geçip gitse-de olary mahal-mahal hormat bilen ýatlaýaň.
«Altyn aşyk» diýdirip, her bir maşgalada özüni uçursyz söýgi bilen gurşadýan çagalaryň gül meňzinden ganma ýok. Olaryň göwnündäki ýazy, gözündäki şatlygy belende götermekden uly sogap bolsa megerem, dünýä dolan haýyr-sahawatlaryň iň naýbaşysydyr. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň Awaza akwaparkynda şadyýan balajyklar bilen düşen suratyny synlap, çaga dünýäsi ýaly tämiz duýgular kalbymyza doldy. Körpejeleriň özlerine sowgat berlen jäjejikleri mähir bilen gysymlap, ýylgyrjaklap duruşlary göwnüňe begenç begligini bagyş edýär. Şu ýerde ulularyň «Sowgady çagalara beräýseň» diýen jümlesi ýadyňa düşýär. Çagalaryň gözlerindäki şatlyk maşgala agzybirliginiň, bagtyýar döwrüň ajaýyp keşbi bolup görünýär. Türkmenistan döwletimizde ýaşaýan ähli çagalaryň bagtynyň arşa göterilendiginden habar berýär. Milli Liderimiziň çagalaryň sagdyn ösmegi, berk bedenli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän bimöçber işleri gyşy ýaza öwürýär. Çagalar öň diňe tomus paslynda Hazaryň jana şypaly suwunda hezil edýän bolsalar, indi güýz we gyş pasyllarynda hem dynç alyş günlerinde bu ýerde wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýurdumyzda çagalar üçin döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri synlap, täzeden çagalygyň tämiz dünýäsine dolanasyň gelýär. Şahyryň aýdyşy ýaly: «Täzeden bir çaga bolsam, insem dünýä, jan enem...».
“Nesil” gazeti,
01.11.2018ý.