Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlara döwrebap bilim, edep-terbiýe bermäge, ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly, watansöýüji, belent adamkärçilikli, işjeň, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek, Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp şekillerini foto suratlarda beýan etmek boýunça ýerine ýetiren nusgalyk işlerinde ugur alyp, olary ýaşlaryň arasynda ýaýmak maksady bilen şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde foto suratlary düşürmek boýunça “Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi” atly döredijilik bäsleşiginiň sergisi açyldy.
Bu foto bäsleşigine ýaşy 14-den 30-a çenli aralykdaky Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlar özleriniň ajaýyp foto eserleri bilen gatnaşdylar. Dürli temada foto suratlary düşürmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşigiň 1-nji ornyna “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” foto eseri bilen “Türkmenistan” gazetiniň foto habarçysy Muhammetgurbanow Şamyrat, 2-nji ornuna “Aşgabat seýilgähi” foto eseri bilen “Adalat” gazetiniň foto habarçysy Müllikow Maksat, 3-nji ornuna “Dag howasy” foto eseri bilen “Mahabat” kärhanasynyň işgäri Hanjaýew Baýgeldi dagylar mynasyp boldylar. Mundan başga-da bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda bolsa 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby “Türkmen sungaty” foto eseri bilen Garajaýew Hoşgeldi, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby “Garagumyň gözelligi” foto eseri bilen Ýalkabow Kerimberdi, 3-nji orna Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyby “Täsin aý” foto eseri bilen Atakowa Merjen mynasyp boldular. Sergä gatnaşyjylaryň hödürlän foto eserlerinde paýtagtymyzyň sazlaşykly çeper keşbi, ussat halypalaryna bolan hormaty, ynsan durmuşyndaky gözel pursatlary, giň dünýägaraýşy, tebigatymyzyň dürli pasyllaryndaky gözelligi, janly-jandarlaryň ajaýyp keşbi şekillendirilmegi ýaş zehinleriň mukaddes Watanyna bolan söýgüsi has hem aýdyň duýulýar.
Foto bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary bilen birlikde gymmat bahaly baýraklar hem-de diplomlar uly ruhubelentlik bilen gowşuryldy.
Moýtyýew DÖWRANGELDI,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.