Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň pähim-parasatly syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda, mähriban Watanymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşiň döwrebap nusgalaryna çalt depginler bilen geçmegi, düýpli we bähbitli ylymlary, öndürijilik taýdan kuwwatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Çünki XXI asyr ylmyň, täze tehnologiýalaryň, adamzat aňynyň güýçli ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze we netijeli görnüşlerine eýe bolýan asyrydyr.
Şan-şöhraty gün-günden arşa göterilýän eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleriniň täze belentliklerine ýetmekde döwrebap ösüş ýollarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Çünki dünýä bazarynyň şertleri döwür bilen aýakdaş gidilmegini, täze ykdysady talaplardan ugur alynmagyny, ýokary ösüşleriň gazanylmagyny talap edýär.
Döwletiň ösüşi boýunça gazanylýan netijeleri ýokarlandyrmak köp derejede önümçilik esasyň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kämil önümçilik tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ykdysady ösüş ýollarynyň dogry saýlanyp alynmagyna baglydyr.
Milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň özeni Türkmenistanda durnukly we ygtybarly ösüşi şertlendirýär, ýurduň baý çig mal serişdelerini tygşytly ulanmagy, döwrebap senagat düzümini, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalary döretmegi maksat edinýär. Innowasiýaly we bäsleşige ukyply ykdysadyýeti ösdürmek, sagdyn we ýokary aňyýet ösüşli adam goruny kämilleşdirmäge uly maýa goýmak, raýatlaryň ýaşaýşynda ýokary ülňülere laýyk gelýän oňaýlyklary döretmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy strategiýa ugurlarynyň birine öwrüldi.
Innowasiýaly ykdysadyýeti ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatlary «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ol öz öňünde ýurdumyzy tebigy baýlyklaryň, şeýle hem maliýe we zähmet serişdeleriniň hasabyna çalt depginde ösýän ykdysadyýetli, ýokary hilli ýaşaýyş derejesi üpjün edilen döwletleriň hataryna çykarmagy maksat edip goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Watanymyz Türkmenistan ykdysady durnuklylyk taýdan dünýäniň iň öňdebaryjy we hyzmatdaşlyk etmekde ygtybarly döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi. Oňa Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň günsaýyn beýgelýändigi, döwlet binýadynyň berkligi, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň ýokary depgini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy hem aýdyň mysaldyr. Munuň özi biziň döwletimiziň ykdysady ösüşiň innowasiýa ýoluny saýlamagy bilen berk baglydyr.
Innowasiýa — döwrüň bazar şertlerinde döwlet ösüşinde we ykdysady gatnaşyklarynda özgertmeleriň geçirilmegi, şeýle hem ýokary talaply, has bähbitli we netijeli önümleri taýýarlamakda täzeçilligi ornaşdyrmagy aňladýar. Onuň aňyrsynda bolsa, elbetde, alymlaryň ylmy-aňyýet tarapdan gazananlary, açyşlary we işläp taýýarlamalary, şeýle hem ussat hünärmenleriň döredijilikli gözlegleri durýar.
Biziň ýurdumyzda innowasiýaly ykdysady ösüşiň iň öňdebaryjy ugurlaryna has giň orun berilýär. Ilkinji nobatda, sosial-durmuş ulgamyndaky innowasiýa ösüşe ähmiýet berlip, ol adamlaryň ýaşaýyş şertlerini barha gowulandyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, guramaçylyk, önümçilik, dolandyryş çärelerini yzygiderli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda adam güýjüne egsilmez baýlyk hökmünde uly sarpa goýulýar. Esasan-da, ýaşlaryň öz aňyýetini kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ýaşlara bilim berlişini, kämil şahsyýetleri we ussat hünärmenleri taýýarlamagyň geljegi — bu zähmet bilen üpjünçilikde ýurduň halkara ornuny kesgitleýär. Şeýle hem döwletiň kämil şahsyýeti, ýokary bilimliligi, hünär başarjaňlygyny talap edýän bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmekde baş orny eýeleýän strategiýa baýlygydyr.
Tehnologiýa ulgamyndaky innowasiýa ösüşi önümleriň, tehnikalaryň, enjamlaryň täze, şeýle hem has kämilleşdirilen görnüşlerini ähli pudaklara ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Biziň ýurdumyzda täze we ýokary hilli, ýokumly we ynsan saglygyna zyýansyz önümleri öndürmek azyk önümçiligindäki innowasiýaly ykdysadyýeti döretmegiň öňündäki baş maksady kesgitleýär.
Dolandyryş ulgamyndaky innowasiýaly ykdysadyýet bolsa, hünärmenleri iş bilen üpjün etmekde we adam güýjüni tygşytly peýdalanmakda täze usullary we bähbitli ugurlary kämilleşdirmegi şertlendirýär.
Mahabat işinde innowasiýanyň ornaşdyrylmagy hem häzirki zaman ykdysady ösüşiň ileri sürülýän ugruna öwrüldi. Munuň özi önümleriň alyjylyk islegini artdyrmaga, döwrebap bezegli gaplamalary taýýarlamaga, önümleri ýerlemegiň has netijeli usullaryny ulanmaga, baha kesmegiň amatly şertlerini ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmakda innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsleşige ukyply taýýar harytlary öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak, ekologiýa taýdan arassa önümleri taýýarlamak we daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejelerde ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak, önümçiligiň täze ugurlaryny we görnüşlerini ygtyýarlandyrmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatynda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Jemläp aýdanymyzda, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde günsaýyn giňeldilýän ykdysady innowasiýa ösüş ýoly biziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagymyza, zähmet we ýaşaýyş şertlerimiziň has-da gowulaşmagyna, dürli ugurlarda: döwlet, telekeçilik, hemaýatkärlik gurşawlarynda täzeçilligiň, özgerişleriň üstünlikli ornaşdyrylmagyna, ykdysady terbiýämiziň barha çuňlaşmagyna hyzmat edýär.
Keman KERIMI,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
05.01.2019ý.