AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Bagt köşginiň toý dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher we etrap Geňeşleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň” döredilen güni mynasybetli “Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk çäresi geçirildi. Aýdym sazly duşuşyk çäresinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Ýurdumyzyň ösüşlerini wasp etýän aýdym sazlardyr, şowhunly tans çykyşlary bilen çärä aýratyn öwüşgin berdiler. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge hyjuw bilen işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag,başlary dik bolsun! Alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 21 okalan

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

07 Noýabr 2025 | 69 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 133 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI