TÜRKMENISTAN SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-nda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň gurnamagynda Halaç etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri (kiçi futbol, woleýbol, tennis, küşt, şaşka) boýunça “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly bäsleşik geçirildi . Bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni G.Wellekow, Halaç EPB-niň KÝÝIBB-niň müdiri polisiýanyň maýory B.Weliýew, Halaç etrap Bilim bölüminiň hünärmeni B.Begliýew, Halaç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň müdiri M.Hudaýberdiýew dagylaryň gatnaşmagynda ýeňijilere sowgatlar we hormat hatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 25 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 76 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 109 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI