BAHAR GELDI ILIME

Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona bürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Milli bahar baýramy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk merdana halkymyzyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, medeniýetimiziň dünýä ýüzüne açyp görkezýän aýratyn bir seneleriniň biridir. Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgüsi bilen kalplarynda heýjanelek-heýjanelek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgüsine eýedir.

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda  Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni mynasybetli “Bahar geldi ilime” atly  aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy S.Penjiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa dagylar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary birnäçe aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler.

 

Enejan ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Awgust 2025 | 24 okalan

TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE