SPORT ÝARYŞLARY GURALDY

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde agyr atletika boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa 2003—2005-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň 80-den gowragy gatnaşdy we 10 agram derejesi boýunça güýç synanyşdylar.

Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Darganata, Dänew etraplarynyň türgenleri has şowly çykyş etdiler. Ýagny gyzlaryň arasynda guralan ýaryşlarda dänewli türgenler Gülfira Seýilhanowa 49, Aýgözel Tyllaýewa 59, Aýgözel Permanowa 71,  türkmenabatly Aýnura Şageldiýewa bolsa 55 kilogram agram derejelerinde welaýatyň birinjiligini gazandylar. Oglanlaryň arasyndaky şeýle ýaryşlarda Dänew etrabynyň türgenleri Ramazan Rahymjanow 73, Samir Metdiýew 81, Döwlet Muradow 89, Mergen Haltajow 109 we Çärjew etrabyndan Maruf Ruslanow + 109 kilogram agram derejelerinde ýeňiji boldular.

Küşt boýunça 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda toparlaýyn Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşlara hem ýaş küştçileriň jemi 283-si gatnaşdy. Ýaryşlar toparlaýyn görnüşde geçirilip, her toparda 4 oglan we 4 gyz türgen çykyş etdi. Ýaryşyň umumy netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň toparlarynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelänlere Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň degişli derejeli diplomlary we Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.