MAŞGALA OJAGYNYŇ BAGTYÝARLYGYNA BAGYŞLANDY

      Golaýda Sakarçäge etrabynyň 6-njy orta mekdebinde “Maşgala gymmatlygy ” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy terbiýeçilik ähmiýetli bolup, oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň wekilleri, işjeň agzalary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

      Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Maşgala mukaddesligi, maşgalada zenanyň tutýan orny, ahlak terbiýesi, watançylyk, zähmetsöýerlik, baradaky täsirli söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.

      Çykyşlaryň her birinde halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 146 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 83 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI