BERKARAR DÖWLETIŇ SAGDYN NESLI BIZ!

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, ýaşlar syýasatynyň mynasyp durmuşa geçirilmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

    Ýaş nesliň terbiýesine, olaryň ylymly-bilimli sagdyn nesil bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat, sport we medeni köpçülikleýin çäreleriň, dürli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Munuň özi zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmaga, olarda sporta bolan höweslerini artdyrmaga ýardam edýär.

    2024-nji ýyl «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynyň dowamynda hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aşgabadyň birinjiligini almak ugrundaky çempionaty geçirilýär.

    Şu gün 1-nji aprelde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça çäräniň açylşyna badalga berildi. Bu geçirilýän sport çäresine ýaş türgenler, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň açylyş dabarasynda söz sözlän halypa mugallymlar, myhmanlar sport ulgamynda alynyp barylýan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary netijesinde döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge giň ýol açyldy. Bu günki gün türkmen ýaş türgenleri döwletdir halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna, olimpiýadalara işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde täze belentliklere çykarýarlar.

 

    Ýurdumyzy ösüşiň belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 74 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 58 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI