Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň mejlisler jaýynda şol toplumda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän nesil terbiýesi bilen baglanyşykly ýagşy söhbetler açylyp, ýaşlarymyza ýaramaz endiklerden daşda durmak, halal zähmet çekmek, edep-ekram, terbiýe dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle hem çykyş edenler Watan mukaddeslikleri, halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlary hem-de millilik barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkyny bagtyýar hem-de eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljahan GULMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












