Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň halkara güni bellenilýar. Bu baýramçylyk daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan guşlaryň ýitip gitmeginiň we olaryň sanynyň azalmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýär. Bu çäre dünýäde birinji gezek 1984-nji ýylda bellenilýär.
Häzirki döwürde guşlaryň 9000-e goaý görnüşiniň bardygyny nygtalýar. Guşlar özleriniň gözel görnüşleri, dürli öwüşginli reňkleri hem-de ajaýyp owazlary bilen ynsanlaryň göwnüni galkyndyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Guşlar tebigatyň bezegi” atly sergi gurnaldy. Muzeýde ilkinji gezek ýurdumyzda orta mekdeplerde bilim alýan ýaş suratkeş okuwçylaryň guşlara bagyşlan eserleri görkezildi. Sergide zehinli okuwçylar tarapyndan çekilen suratlarda guşlaryň birnäçe görnüşlerininiň çeper beýanyny görmek bolýar.
Sergide çeken suratlary bilen aýratyn tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.












