Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şu günler çagalaryň durmuşynda şatlykly günler dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlar bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidir.» diýen sözlerinden ugur alyp, çagalaryň tomusky dynç alyş günlerini hasam täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda dürli mowzuklar boýunça bäsleşikler geçirildi. Tomusky dynç günlerini şadyýanlykda geçirýän çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmek baradaky Saglyk maksatnamasyny özleriniň baş şygary edinip sportuň futbol, küşt, şaşka görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bulardan başgada çagalaryň zehin döredijiligini ýüze çykarmak maksady bilen tomus paslyny, gözel gökderäni wasp edip surat çekip bäsleşdiler. Şowhunly geçen bäsleşiklerde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Merjen JUMAMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.