BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM!

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir günümiz şowly ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýär. Ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan-Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirjisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşyp, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini görkezýär. Elektrik energetikasy onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm pudagyň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurt maýasyny çekmek arkaly bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, taryh üçin gysga möhletiň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalaryny gurmak, energetika kuwwatlyklaryny ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň täze müňlerçe kilometrini çekmek we öňden barlarynyň durkuny täzelemek başartdy. Munuň özi Türkmenistanyň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolan ýurda öwürmäge itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň energetika strategiýasy milli elektrik energetikanyň ýakyn onýyllyklar üçin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň kesgitledi, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagy boýunça anyk ädimleri belledi. Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi pudagyň kuwwatyny pugtalandyrar, ýurdumyzyň elektroenergiýa bolan artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we daşarky bazarlara ugratmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berlen täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar Ýurdumyz boýunça elektrik energetikasynda ileri tutulýan möhüm ugurlar öndüriji kuwwatlyklary gurmak we döwrebaplaşdyrmak, olary tehniki taýdan täzelemek hem-de mundan beýläk-de ösdürmek, esasy we paýlaýjy elektrik ulgamlaryny uzak möhletli geljekde has-da ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Şeýle nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar