GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

     Irki zamanlarda biri özüniň ýeke perzendi üçin tapylgysyz baýlyk miras galdyrmak isläpdir. Ol bu barada maslahat sorap, bir dananyň ýanyna baryp, oňa:

     – Meniň elim uzadan ýerime ýetýär. Oglum üçin göwnüme bolmasa, süri-süri malymam, müň tanap mülk ýerimem az ýaly. Şularyň baryny altyn-göwhere öwrüp, humda goýaýynmy? Näme edeýin, dana, maňa maslahat bersene? – diýipdir. Dana şonda:

     – Dünýäniň iň gymmatly baýlygy ylym hem-de hünär öwrenmekdir. Ogluň şondan geregini edinip bilse, ol soňra hor bolmaz, rysgaly üstüne geler. Sen näme harç etmeli bolsa gysganma-da, onuň ylym almagy, hünär öwrenmegi üçin alada et! – diýipdir.

     Ýaňky baý:

     – Siz indi ilki bilen haýsy şäherde bilim alsa gowy boljakdygyny hem öwredip, maňa ýol salgy beriň. Meniň bar baýlygym ylym ýolunda harç edilsin, şonda razy bolardym – diýipdir-de onuň jogabyna garaşypdyr.

     Dana:

     – Şu diýýänleriňe ogluň gaýratynyň çatjakdygyna

ynanýarmyň? – diýip sorapdyr. Baý onuň näme diýmekçi bolýandygyna birbada düşünmändir. Dana sözüni dowam edipdir:

     – Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip,özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylmyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we ýaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr. Çünki ylymly adam tebigatdan güýç alýar, many tirýär, ylymly adam adamlaryň ýaşaýşyndan many aňýar we onuň netijesini özleşdirýär. Ylym bilen paýhasyň kökleri birdir, ýöne tebigaty aýrydyr. Çünki paýhas adamyň zandynda bardyr. Ylym onuň yhlasy bilen zehininde ýaşaýar. Şondan soň baý ogluny dananyň ýanyna eltipdir.Dana oglanyň nämä ukybynyň bardygyny barlap, baýa ogluny okatmagy maslahat beripdir. Oglana ylym dünýäsine aralaşmak kyn düşmändir. Ol dürli şäherlerde okapdyr, uly ussatlardan öwrenipdir. Bir günem ol ata-enesini küýsäp, yzyna dolanyp gelipdir. Ony öýlendirmegiň hyýaly bilen ene-atasy ýene dananyň ýanyna maslahata barypdyrlar. Ondan ogullary üçin kimiň gyzyna sözaýdyjy barsalar, dogry boljagyny sorapdyrlar. Dana bu gezek olara oglanyň öz göwnüni diňlemegi maslahat beripdir. Ýaş danyşmendiň bolsa, hiç bir gyzda gözi eglenmändir. Bu şäherde hepdede bir gezek zenanlaryň gelýän bazary bolýan ekeni. Onsoň oglan hem şol bazara barýar-da bir çetde, gelen-geçeni synlap oturýar. Ynha bir aýal engine haly atyp gelýär, gyzy hem oňa bir zatlar gürrüň berýär. Ikinji birini synlaýar: ol gyz ejesinden hem öňden gelýär, egninde ýeňiljek halta. Alym oglanyň bularyň hijisine-de syny oturmaýar. Ahyrynda ejesiniň esli yzyndan ýöräp, ýüzüni aşak salyp, arkasy torbaly, eda bilen ýöräp gelýän gyzda onuň gözi eglenýär. Şolara sözaýdyjy gidilmegine razy bolýar.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR