Türkmençilikde «Taňry myhmany» diýen düşünje myhmana edilýän uly hormat-sylag bilen baglanyşyklydyr. «Myhman ataňdan uly» diýip, myhmana ataňa goýýan hormatyň ýaly hormat goýmalydygyny aýratyn belläpdirler. Çünki perzendiň ene-atasyna hormaty watançylyk söýgüsiniň binýadydyr. Myhman öýe ýörite çakylyk bilen gelse-de ýa-da onuň tötänden nesibesi atylan bolsa-da, ol güler ýüz bilen garşy alynýar. Onuň özüni rahat duýmagy üçin alada edilýär. Weziriň ogluny şanyň köşgüne myhmançylyga ýany bilen alyp gidişi baradaky tymsalda hem myhmançylygyň düzgünleri beýan edilýär. «Myhmançylykda özüňi asylly alyp bargyn. Saňa şanyň süýji nygmatlardan hödür etmegi mümkin. Sen iýmän çekinjiräp oturmagyn» diýip, wezir ogluna tabşyrýar. Oglana patyşa burk urýan alma hödür edýär. Oglan hem ony alýar-da, kakasynyň çekinjiremegin diýen sözlerini ýatlap, ony işdämenlik bilen iýýär. Soň kakasy: «Oglum, sen ýalňyşdyň. Patyşanyň saňa eli bilen uzadyp hödür etmegi uly mertebe. Sen uly hormat bilen patyşa minnetdarlyk bildirip, almany hem aýratyn sowgat hökmünde, öz ýanyňa alyp gaýdan bolsaň gowy bolardy» diýip, oňa öwüt berýär. Ertesi gün patyşa oglana öz öňündäki ullakan omaçany hödür edýär. Oglan ilkibada aljyrajak ýaly edýär. Soňundanam patyşa minnetdarlyk bildirip, omaçany şol wagt iýmän, ýagy-beýlekisi bilen ýanyna alypdyr. Hawa, şeýle mazmunly tymsallar il içinde dürli hili nusgalarda ýaýrapdyr. Olaryň esasy manysynda bolsa, myhmançylykda adamyň özüni alyp barşynyň onuň häsiýetine baha bermekde esas bolýandygy bellenilýär. Şu tymsal hem siziň köpiňize tanyşdyr: «Bir adam köpçülikde has salyhatlylyk edip, pikirini aýtmaga çekinip oturmasyn diýen niýet bilen, ogluna: «Sen, oglum, abraýly adamlaryň neslisiň, uly adamsyň. Baran ýeriňde çugutdyryp oturmagyn, pert-pert geplegin, uly gürlegin!» diýip sargapdyr. Bu sözden oglanyň nähili netije çykarandygyny okyjylar bilýändir. Şunuň bilen baglylykda halk içinde biri jogapkärçilikli işi ýerine ýetirmeli bolanda, onuň ýalňyşmazlygyny, pikirini aýdyň beýan etmelidigini ýatlatmak üçin aýdylýan söz hem bar: «Öň bir baý oglunyň aýdyşy ýaly, «Düýe» diýäýmegin!». Myhmançylyk edebi barada «Kowusnamada» hem bellenilýär. Türkmençilikde myhmançylyk däp dessurlarynyň esasy mazmuny myhman üçin amatly şertleri döretmekde jemlenendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda bina edilen täze myhmanhanalarda adamlaryň özlerini öýlerinde ýaly arkaýyn duýmaklary üçin degerli şertler üpjün edilendir. Olar halkymyzyň myhmansöýerlik edebine doly laýyk gurlandyr diýip ynamly aýdyp bolar. «Toýpaýy», «myhmanpaýy» diýen düşünjeler hem durmuş ulgamyna doly ornaşdyrylan milli dessurlarymyzdyr. Toýdan «toýpaýy» almak toý eýesine duýgudaşlygyňy we toýlaryň ýene toýlara ulaşmagynyň dileg edilmegini aňladýar. Ýagşy umyt edilip, «toýpaýyny» ýaşuly, ýaşkiçi adamlar hem maňlaýyna sylyp alýarlar. Soň «toýpaýy» alnan ýaglygy ýagşy yrym edip, öz maşgala agzalaryna, ýakyn adamlaryna, olara toýly günleriniň, maşgala baýramçylyklarynyň bolmagyny arzuw edip, sowgat berilýän halatlary-da bolýar. «Myhmanpaýy» – myhman gelmeginiň – öýe rysgal gelmeginiň arzuwlaryny aňladýar. Her bir türkmen zenany öýünde tagam taýýarlanda, ýagşy yrym üçin myhmanyň paýyny hem unutmaýar. Myhman gelmese, ol paý goňşa dadyrylýar. Käteler myhmanpaýy hem goňşokara diýlip, bir-iki goşawuç tüwi artyk atylýar. Bu türkmençilik kadasynda ymykly ornan ýörelgelerimizdir. Myhman kabul etmek däpleri milli medeniýetimiziň aýratyn taraplarynyň biri bolup durýar. Şular baradaky tymsallaryň birinde şeýle diýilýär. «Çoýundan ýasalan uly toý gazany:
– Muňa serediň, kiçijik – diýip, kiçijik gazanyň üstünden
gülüpdir.
– Sen diňe toý-märekelerde gerek bolýarsyň, men bolsa her gün gereklenýän – diýip, kiçi gazan jogap beripdir».Görýäňizmi munuň manysyny! Türkmençilikde «Öýünde gazan gaýnamaýan öýden öý bolmaz» diýilýär. Gazana hem myhmanyň paýyny atmak hiç haçan unudylmaýar. Ýagşy arzuw edilende hem: «Toý gazanlary gaýnasyn, öýüň bereketi egsilmesin» diýilýändir.
Hawa, il-halkymyzyň arzuwlarynda beýan edilişi ýaly, «Myhman «toý» diýip gapyňyzy açsyn!». Myhmansöýerlik rysgallylygyň, döwletliligiň nyşany.