Kähalatlarda millet, ynanç, ygrarlylyk ýaly düşünjeler barada pikir edýärin. Olara degişli ýörite belliklerim hem bar. Meniň okan ähli maglumatlarymda hem türkmenleriň öz ynançlaryna hemişe wepaly bolandyklary nygtalýar. Has irki döwürlerden hem muňa degişli mysallary getirip bolýar. Men şu ýerde türkmenleriň yslam dinini doly kabul eden, yslam baýdagy bilen dünýä çykan döwürlerinden bir mysal getireýin. Seljuk türkmenleriniň Mogol şadöwletiniň beýik hökümdary Akbar şa günlerde bir gün özüniň hyzmatkärlerinden iki beýt goşgudaky soraglara jogap bermeklerini sorapdyr. Şol goşguda: O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz? – diýen setir hem bar eken. Emma olaryň birem soraglara jogap berip bilmändir. Onsoň Akbar şa iň gowy görýän, parasatly wezirleriniň biri Birbalyň yzyndan adam iberipdir. Birbal gelipdir. Akbar şa goşgyny oňa hem okap beripdir. Dana Birbal şeýle soraglara mydama säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglaryň jogabyny bada-bat tapypdyr we ýaňky ýatlan setirimize bolsa şeýle jogap beripdir: Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz. Birbalyň jogaby Akbar şanyň göwnünden turupdyr. Şa oňa serpaý-sowgatlar edipdir. Köşk emeldarlary bolsa Birbalyň danalygynyň öňünde baş egipdirler. Şuny ýatlamak bilen, men «Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz» diýen setire ünsüňizi çekmek isledim. Gaýratly hem mert, özüne göwni ýetýän hem buýsançly türkmenler hiç mahal öz milli ýolýörelgelerinden, dine bolan garaýyşlaryndan, mezheplerinden dänmändirler. Türkmenlerdäki «messep» diýen söz hem şu manydadyr. Lebiz, ygrar, ähti-peýman–munuň özi messepdir, lebziňde, ygraryňda, beren sözüňde tapylmakdyr. Halkymyz muny öz beýik kada-kanuny, ýagny öz ýolýörelgesiniň talaby, öz ynanjy, dini bilen ölçeýär.