Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek maksady bilen etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesiller barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň oňyn netijesini berýändigi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli nesiller bolup kemala gelmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.