ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň jemgyýetçilik guramalary we Gyzylarbat etrabynyň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümi, Gyzylarbat etrap prokuraturasy hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 17-nji mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Çykyş edenler ýol hereketiniň howpsuzlygy we kadalary hakynda başlangyç bilimleri bermek, çagalar we ulular bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak dogrusynda giňişleýin aýtdylar.

     Bulardan başga-da, wekiller her bir ýol hereketine gatnaşyjynyň, ýagny sürüji bilen pyýadanyň ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi hem-de doly we dogry berjaý etmekleri möhümdigini, ýolda jogapkärli we ünsli bolmagyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň esasy şertidigini, pyýadanyň ýol hereketiniň kadalaryny we düzgünlerini berjaý edip köçeden geçmegi, sürüjileriň bolsa, ilkinji nobatda bellenen tizlikde seresapsyzlyk bilen awtoulagyna erk etmeginiň hökmandygyny diýip belläp geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, döwlet we bütin adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 20 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR