Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek maksady bilen Tagtabazar etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň muzeýine gezelenç çäresi guraldy.
«Medeni mirasyň sarpasy» ady bilen geçirilen gezelenç çäresi TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 7-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri, okuwçylar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Uly ruhubelentlige beslenen gezelenç çäresiniň başynda many-mazmunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeni mirasyny we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek, olary ilat arasynda, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler, şeýle hem halkymyzyň taryhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň berildi.
Soňra bu ýere ýygnananlar ady agzalan mekdebiň muzeýinde ýerleşdirilen tapyndylar we halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Bu bolsa, çärä gatnaşanlaryň her birinde uly täsir galdyryp, olaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Gezelenç çäresiniň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetini we mirasyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ajaýyp ORAZMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.