GYZ EDEBI – IL EDEBI

     Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda, etrabyň 23-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň işgärleri, mährem eneler, ady agzalan orta mekdebiň ýokary synplarynda okaýan okuwçy gyzlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.

     Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler «Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan sarpa, olar barada alnyp barylýan asylly işleriň ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy, şeýle hem ata Watanymyzda zenanlarymyzyň mähek daşyna deňelip, olaryň maşgala ojagynyň daýanjydygy we ähli gözellikleriň seresidigi dogrusynda buýsançly bellediler.

     Çykyşlaryň dowamynda gelin-gyzlarymyzda türkmeniň milliligini, edep-ekramlylygyny, ahlak häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy, hem-de ojaklarymyzy ýyly mähre çoýun oturan zenanlarymyzyň mertebelerini hemişe belentde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Sülgün AGAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6276 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ