Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Diýarymyzyň ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça maslahatlar, duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler biziň etrabymyzyň çäginde hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda körpe nesillerimize ýol hereketlerini düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda Sakarçäge etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Gyzykly häsiýete eýe bolan ýaryşda çagalar aýdym aýtmak, goşgy aýtmak, tans etmek boýunça bäsleşdiler. Ýol hereketi bilen bagly düşünjeler ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, goşgularyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Körpe nesilleriň ýerine ýetiren çykyşlarynda ýol hereketiniň düzgünlerine, pyýadalaryň wezipelerine aýratyn ähmiýet berildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda çykyş eden körpeleriň ýol-hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek barada gurnan sahnasy has-da täsirli boldy. Ýörite lybaslar bilen ýerine ýetirilen sahna çykyşlarynda ýurdumyzyň abadan ýollarynda çagalaryň berjaý etmeli düzgünleri giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň oýunlaryň, soraglaryň üsti bilen köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine dogry we doly jogap bermegi terbiýeçilik häsiýetli boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi körpe nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek we olaryň bu herekete ynamly gatnaşmagyny gazanmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Jennet ŞIRIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.