Şu günler sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, jemgyýetimizde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik çekeleşikli hem-de işjeň häsiýete eýe boldy. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige «Dostluk» we «Şatlyk» toparlary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda oňa gatnaşýan toparlara şowlulyk arzuw edildi. Soňra sporta höwesli ýaşlar sportuň futbol görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige birkemsiz taýýarlykly gelen ruhubelent ýaşlar ýokary netijeleri görkezip, olar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdiler.
Bäsleşigiň netijesi boýunça «Dostluk» topary ýeňiji bolup, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.