Golaýda «Asudalyk – ösüşleriň ganaty» atly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Mary welaýatynyň Mary şäher Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmenleri, polisiýa bölüminiň işgärleri, ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarydyr, mugallymlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler her ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleri, ýaşlaryň köpçülik ýerlerinde özlerini medeniýetli alyp barmaklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýol belgileriň talaplary barada görkezme esbaplaryň kömegi bilen edilen çykyşlar bolsa, oňa gatnaşan ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bu bolsa, köçelerde we ýollarda howpsuz hereket etmegiň kadalaryny wagyz etmek-de uly ähmiýete eýe boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda Diýarymyzda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Akjeren ANNADURDYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.