WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk biziň etrabymyzda-da guramaçylykly ýola goýlup, ol ählihalk işine öwrülýär. Şu jähetden, il-gün bähbitli geçirilýän bu ählihalk çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

     Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 21-nji orta mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem bu şanly waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyň esasy maksady okuwçy ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden hem-de gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakdan ybarat boldy.

     Işjeň häsiýete eýe bolan wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýol gözegçilik gullugynyň işiniň barha kämilleşýändigi, şunuň bilen baglylykda geçirilýän çäreleriň hem ähmiýetiniň örän uludygy dogrusynda buýsançly bellediler. Çykyşlaryň dowamynda okuwçy ýaşlara ýol-hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeklik ündew edilip, okuwçylaryň sowallaryň üsti bilen köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine dogry we doly jogap bermekleri terbiýeçilik häsiýetli boldy.

     Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlaryň her biri eşretli zamanamyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň abadan we erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hojamyrat AKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6276 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ