GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlary täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen, «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen dabaraly maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky çykyşlar, baýramçylyk gutlaglary diňlenildi, şeýle hem talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Çäräniň ahyrynda halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP