KÖRPELERE ÝOL DÜZGÜNLERI ÖWREDILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde etrabyň 6-njy çagalar bakja-bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede körpelere ýol-hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny, tertip-düzgüni berjaý etmeklerini nygtamak bilen, ýol hereketiniň belgileri, ýolyşyk, ondaky çyralaryň aňladýan manylary barada düşündirilip, birnäçe oýunlar hem oýnadyldy. Çäräniň ahyrynda röwşen geljegimiziň mynasyp eýeleri bolan, bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Akmuhammet NAZAROW,

TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP