Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de mekdep okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini ýaşlara düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda many-mazmunly çykyşlara orun berlip, olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen dowam edýän 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna we olaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, ylym-bilimi, medeniýeti dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan oňyn tejribeleri netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyga beslensin!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunçaesasy hünärmeni.