Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi, etrap prokuraturasy, etrap polisiýa bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň 9-njy orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, onuň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýerli jemgyýetçilik wekilleri çykyş edip, olar öz çykyşlarynda «Geňeşli toý dargamaz» diýip nygtaýan pederlerimiziň ýol-ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändigi, şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi barada buýsançly bellediler.
Çärä gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzy jenneti mekanyň gül goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.