Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Lebap welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň millilik, döwletlilik ýörelgeleriniň döwlet syýasatymyzda öz mynasyp ornuny tapýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.
Bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik ösüşleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzda halkymyzyň millilik taglymatlaryna eýermekde şöhratly pederlerimiziň ýol-ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň aýratyn gymmata eýedigi dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Aýratyn hem çykyşlarda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy. Çünki döwletimiz ýa-da raýatlarymyzyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde halkyň wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda parahatçylygy, sazlaşykly ösüşi gazanmakdan aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmekde beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini, giň gerimli maksatnamalaryň kabul edilýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar we bu işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gülşat ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.