TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda, etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda, şol etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de orta mekdepde bilim alýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda il bähbitli, döwlet ähmiýetli döwletli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, durmuş üpjünçiligini kepillendirmek ugrunda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýlan wezipeler, maksatlar barada bellemek bilen, olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde alnyp barylmaly işler dogrusynda beýan etdiler.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT