TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda birnäçe çykyşlara orun berlip, çykyşlarda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň 24-ne geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň, kabul edilen döwletli çözgütleriň ähmiýetini, olaryň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagynda eýeleýän wajyp orny dogrusynda gürrüň berdiler. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli beýik işleriniň halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirildigi barada buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

 

Gülruh NAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP