Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýoly bilen ösdürilen, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň giň gerimde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen kararlar geljegi nazarlaýan beýik ösüşlerimiziň badalgasy bolup durýar, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze gözýetimini açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşydaky Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda, ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeler dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda onda çykyş edenler il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň gözbaşynda duran, ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýtdylar.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
esasy hünärmeni.